«Watanyň Bitarap, eziz Arkadag!»


«Watanyň Bitarap, eziz Arkadag!»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda Btaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli «Watanyň Bitarap, eziz Arkadag!» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärede Hemişelik Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, abadançylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinýän Türkmenistanyň barha belent sepgitlere eýe bolýandygy, bu günki gün ýurdumyzyň abraý mertebesiniň belende göterilýändigi barada täsirli gürrüň berdiler hem-de kitaphananyň okyjylary hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk barada aýdan sözleri esasynda kompozisiýa hem-de Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgular bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Gahryman Arkadagymyzy, Bitarap Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli sergi gurnaldy.