“Halkymyzyň genji hazynasy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Halkymyzyň genji hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda, türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak , atşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça başyny başlan beýik işleri üstünlikli dowam edýändigi şeýle-de Berkerar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döredip dünýäde ykrarnama eýe bolan milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda 5-nji çagalar sungat mekdebiniň aýdymçylary Türkmen bedewiniň owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygyny öz aýdym-sazly çykyşlarynda wasp etdiler.
Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edtdiler.