“Sagdynlyk – ýaşaýşyň, gülläp ösüşiň gönezligidir”


“Sagdynlyk – ýaşaýşyň, gülläp ösüşiň gönezligidir”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport inistitutynyň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdynlyk – ýaşaýşyň, gülläp ösüşiň gönezligidir” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimizde, köpçülikleýin bedenterbiýe, sporta we ýaşlar syýasatyna uly üns berilýänligi, şonuň üçün hem ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalaryň sporta bolan höwesini has-da ösdürmek, olary has irki döwürden sporta höweslendirmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek, halkymyzyň saglygyny berkitmäge, gujurly, berk bedenli hem-de ruhubelent ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilen möhüm ugur bolup durýanlygy, saglyk baş baýlyk hasaplanýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.