“Çagalaryň bagtyýarlygy – nurana geljegiň gözbaşy”


“Çagalaryň bagtyýarlygy – nurana geljegiň gözbaşy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Çynar” atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Çagalaryň bagtyýarlygy – nurana geljegiň gözbaşy” ady bilen gürrüňdeşlik geçildi.
Çärede häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde sapaly Gökdere jülgesinde çagalaryň tomusky dynç alyş döwri şatlykly pursatlara beslenýändigini hem-de bu ýerde ýerleşýän “Çynar” atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde olaryň oňat dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin birnäçe çäreleriň geçirilýändigini bellemek bilen bir hatarda bu ýerde ajaýyp gyzykly kitaplary, türkmen halk döredijiligi bolan türkmen halk ertekilerini okamaklygyň hem özboluşly täsiriniň bardygyny gürrüň berdiler we “Akpamyk”, “Ejekejan” atly ertekileri okap ol ertekileriň gahrymanlarynyň häsiýetleri barada sorag-jogap alyşdylar. Mundan başgada türkmen halk döredijiliginiň şahyrana žanrlary bolan tapmaçalary, sanawaçlary, ýaňyltmaçlary öz içine alýan “Akyl akabasy” atly kitapdan okalan tapmaçalar, sanawaçlar, ýaňyltmaçlar çagalarda uly täsir galdyrdy.
Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýändigini hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar.
Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözler aýdyldy