«Magtymguly Pyragy – dünýäň beýik danasy» atly söhbetdeşlik geçirildi


«Magtymguly Pyragy – dünýäň beýik danasy» atly söhbetdeşlik geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partýasynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap «Magtymguly Pyragy – dünýäň beýik danasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Garaşsyz ýurdumyzda halkara derejesinde bellenilip geçilýän şanly toýunyň dabaralaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde onuň baý mazmunly, umumadamzat ähmiýetli edebi mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde uly işler alnyp barylýanlygy barada bellediler.

Şahyryň sungat eserlerindäki keşbi akyldar şahyra bagyşlanylýan kino, we drama eserleri, onuň goşgularynyň bagşyçylyk sungatyndaky orny barada aýratyn belläp geçdiler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Şol gymmatly ruhy baýlygy öwrenmek we düşündirmek biz kitaphanaçylaryň hem paýyna düşýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşlik «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň «Watanym buýsanjym» gepleşigine ýazgy edildi.