“Ussat şahyra sarpa”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 29-njy orta mekdepde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata Atajanowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli “Ussat şahyra sarpa” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde we dünýä derejesine ýetirmekde uly işleriň alnyp barylýandygyny, eziz Watanymyzda edebiýatda we sungatda uly yz galdyran ýazyjy-şahyrlarymyza, söz ussatlarymyza uly hormat goýulyp, olaryň goşgularydyr eserleriniň geljegimiz bolan ýaş nesilleri watansöýüji ruhda terbiýelemekde uly täsiriniň bardygyny bellemek bilen, ussat, zehinli şahyrlaryň biri bolan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata Atajanowyň türkmen halkyna özüniň birnäçe çeperçiliginiň nepisligi, duýgular dünýäsiniň täsinligi bilen tapawutlanýan eserleri, romanlary, şygyrlary miras galdyrandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda duşuşyga gatnaşan şahyr Ata Atajanowyň durmuşy temasynda ýazan goşgularyndan : “Parahatlyk bolsun diýseň”, “Duz”, “Oduny ýygnana ýakdyr” “Dilinde ýazyk ýok” ýaly birnäçe goşgulary okap berildi. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň sungatda yz goýan ussatlaryň ömri we döredijiliklerini giňişleýin öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.