Magtymguly Pyragy – ruhy dünýäň çyragy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy – ruhy dünýäň çyragy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy il-ýurduny ýürekden söýen, hemişe halkyň aladasy bilen ýaşan beýik şahsyýetdigi, onuň pähim-paýhasa baý şygyrlarynda adamyň at-abraýynyň ata Watanynyň, il-gününiň öňünde bitirýän hyzmatyna, goýýan gadyr-gymmatyna baglydygyny ussatlyk bilen beýan etmegi, şeýle-de şahyryň tutuş adamzada bähbitli ýörelgesi diňe bir ýaşan döwründe ähmiýetli bolmak bilen çäklenmän, eýsem ähli eýýamlar üçinem gymmatly hazyna hasaplanylýanlygy barada talyp ýaşlaryň arasynda giňişleýin gürrüň berdiler.