«Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň şamçyragy» atly göçme kitap sergisi geçirildi


«Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň şamçyragy» atly göçme kitap sergisi geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 1-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň şamçyragy» ady bilen göçme kitap sergi we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçmiş mirasymyzy öwrenmekde, oňa sarpa goýmakda uly mümkinçilikler döredilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ahlak, terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlary türkmen halkynyň edebi mirasynyň genji-hazynasy bolan döredijiligi bu günki günde dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýär.

Akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary uly gyzyklanma döredýär, sebäbi ýaş nesilleri terbiýelemekde bu goşgularyň örän uly ähmiýetiniň barlygy, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda ynsan mertebesini belende götermek ýaly asylly sypatlary beýan edilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasyny has hem belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.