Sagdynlyk, ruhubelentlik-döwrüň baş şygary


Sagdynlyk, ruhubelentlik-döwrüň baş şygary



Aşgabat şäher Medeniýet müdirligi bilen Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde gurnamagynda Bagyr medeniýet öýünde «Sagdynlyk, ruhubelentlik-döwrüň baş şygary» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça, Çarçuwaly Konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynyň tassyklanmagynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de öňde goýlan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, 2025-nji ýyla çenli keselleriň öňüni almak we temmäki önümleriniň peýdalanylyşyny çäklendirmek üçin, häzirki we geljekki nesliň saglygyny temmäki tüssesiniň zyýanly täsirinden goramak üçin zerur bolan şertleri döretmäge mümkinçilik berýändigi barada belläp geçdiler