“Garaşsyzlyk – baky bagtyň şuglasy”


“Garaşsyzlyk – baky bagtyň şuglasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat medeni dynç alyş merkezinde “Garaşsyzlyk – baky bagtyň şuglasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Şu şatlykly günlerimizde döwletimiziň baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenilýär. Başymyzyň täji Garaşsyzlygymyz halkymyzyň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr.

Söhbetdeşlikde Garaşsyzlyk ýurdumyzyň köp ugurlardaky ösüşiniň gözbaşy bolup, dünýä döwletleriniň ünsüni çekip, halkara derejesinde abraýynyň artandygy we döwletimiz dünýäniň ösýän ýurtlarynyň birine öwrülendigi we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly işleriň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň ýaş şahyrlary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzy, Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän ajaýyp şygyrlaryny okap berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.