Kitap okamagyň edebi


Kitap okamagyň edebi



Ynsan durmuşy okamak, öwrenmek, akyl ýetirmek ýaly peýdaly endikler bilen berk baglanyşyklydyr. Elbetde, adamyň akyl­düşünjesiniň giň bolmagy üçin bolsa okamagyň, has takygy, kitabyň orny uludyr. Şol sebäpli hem, kitap ynsanyň iň ýakyn dostudyr. Eýsem kitaby diňe bir okamak ýeterlik bolman, ony gowy saklamak, oňa gözüň göreji ýaly aýawly seretmek hem gerekdir. Ýagny ähli zadyň öz edebiniň bolşy ýaly, kitap okamagyň hem öz boluşly edebi bardyr.
— Kitap okamak edebiniň birinji şerti — köpçülikde kitaby sessiz okamakdyr.
— Kitap okalanda möhüm ýerlerine galam bilen bellik etmek peýdalydyr, emma onuň daşyny garalamaly däldir. Eger mümkin bolsa, ol ýerde ýörite kagyz bölejiklerini goýup, bellik etmek has gowudyr.
— Kitaby ýeke elde tutup, gaňryp okamak, onuň tiz zaýalanmagyna getirer.
— Eger ýanyňyzdaky biriniň okaýan kitabynyň ady we temasy bilen gyzyksaňyz, ol tarapa boýnuňyzy sozup biljek bolmak gelşiksizdir. Şeýle halatda, mylaýym söz bilen kitaby birnäçe minutlyk soramak has gelşikli bolar.
— Eger kitap elimizde uzak wagt galjak bolsa, wagtlaýyn okamaga alan hem bolsaňyz, onuň daşy gaplanmalydyr. Kitap okaýan adam kitabyň daşynyň gelşikliliginiň uzak wagt saklanmagyny hem üpjün etmelidir.
— Kitaby okap bolanyňyzdan soň, gysgarak hem bolsa, ol kitap hakdaky pikiriňizi ýazmagy endik ediniň.
— Kitaphanadan kitap alyp okanyňyzda, onuň içinde özüňiz tanap biljek şekilde kiçijik bir kagyz bölejigini galdyrsaňyz, bir näçe ýyldan soňra hem, şol kitaba duşanyňyzda ony tanap, özüňizi köne dostuňyza duşan ýaly duýup bilersiňiz.

Rahman GURDOW