“ Garaşsyzlyk bagtymyzyň dünýä dolan nyşany”


“ Garaşsyzlyk bagtymyzyň dünýä dolan nyşany”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 26-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda paýtagtymyzdaky “Ylham” seýilgähinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk bagtymyzyň dünýä dolan nyşany” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi we kitap sergisi gurnaldy.

Çärede çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň her bir güni hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtly, pursatlar şanly taryhy wakalar, dabaralar bilen şöhratlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabaralardyr, çäreler il agzybirligini, eşretli zamananyň rowaç ösüşlerini aýdyň beýan edýär. Şeýle ajaýyp toýdur-baýramlar erkana, bagtyýar durmuşyň aýdyň geljeginiň kepili bolup şugla saçýar diýip gürrüň berdiler. Döredijilik duşuşygyna gatnaşan şahyrlar Garaşsyzlygymyzy hem-de ata Watanymyzyň ösüşlerini öz goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.