“Alabaýym - abraýym” atly döredijilik duşuşygy


“Alabaýym - abraýym” atly döredijilik duşuşygy



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda ,,Türkmen alabaýynyň baýramy'' mynasybetli “Alabaýym - abraýym” ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen alabaý itleriniň aýratynlygy, ösdürilip ýetişdirilişi barada täsirli gürrüňler edildi. Arassa tohumly türkmen alabaý itleri barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda berlen gyzykly maglumatlar barada hem aýratyn nygtaldy. Döredijilik duşuşygynyň myhmany Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Arzuw Ataýew hem türkmen alabaý itlerini şekillendirip çeken suraty barada, şol suratda ulanan reňkleri, onda beýan edilýän gözellikler barada täsirli gürrüňler berdi. Geçirilen döredijilik duşuşygyna “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Çagalyk ýyllarym” gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan kitap sergisi duşuşyga gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda ýaşlara maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy has giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.