«Garaşsyzlyk alyp bagta ýetenim, Arkadagly, bedew batly Watanym!»


«Garaşsyzlyk alyp bagta ýetenim, Arkadagly, bedew batly Watanym!»



Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýuna bagyşlanan dürli dabaralar yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýuna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara halypa ýazyjy-şahyrlar, kitaphana işgärleri we okyjylar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler, ösüş-özgerişler barada giňişleýin söhbet etdiler ýazyjy-şahyrlar özleriniň ýazan ajaýyp şygyrlaryndan okap berdiler. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan «Garaşsyz watanym Türkmenistanym» ady bilen giňişleýin sergi gurnaldy.
Dabaranyň soňunda mähriban Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.