Gyşky dynç alyşda döredijilik duşuşygy


Gyşky dynç alyşda döredijilik duşuşygy



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy gyşky dynç alyş möwsüminde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän şahamçasynda höwesjeň okyjylary bilen bilelikde döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Gökje medeniýet öýüniň «Ganatly nesil» deprekçiler topary hem özleriniň ýerine ýetiren ajaýyp sazlary bilen gatnaşdylar. Şeýle-de çagalar ajaýyp döwrümizi, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Diýarymyzyň täze 2021-nji ýagny, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy, türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda okyjylar okamaga, öwrenmäge şeýle hem dynç alyş möwsümlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.