“Arkadagly halk- bagtly Diýar, Şanly Garaşsyzlyk toýun toýlaýar”


“Arkadagly halk- bagtly Diýar, Şanly Garaşsyzlyk toýun toýlaýar”



Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuna bagyşlanyp dürli dabaralar, maslahatlar şatlyk-şowhuna beslenip yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýuna bagyşlanyp “Arkadagly halk- bagtly Diýar, Şanly Garaşsyzlyk toýun toýlaýar” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara dürli ýerlerden myhmanlar, ýazyjylar, halypa kitaphana işgärleri we okyjylar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler Garaşsyzlygyň bize beren miweleri dogrusynda söhbet edip, birnäçe şygyrlary okap berdiler we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza özleriniň alkyş sözlerini aýtdylar.

Dabaranyň çäginde “Garaşsyz diýarym-Türkmenistanym” ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy.