«Ýazyjynyň paýhas düwünçeginden»


«Ýazyjynyň paýhas düwünçeginden»



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň, Mary welaýat kitaphanasynyň, Lebap welaýat kitaphanasynyň gatnaşmagynda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanyp «Ýazyjynyň paýhas düwünçeginden» ady bilen wideoaragatnaşyk arkaly online söhbetdeşlik geçirildi.
Döwlet kitaphanasynda geçirilen online söhbetdeşlige Nurmyrat Saryhanowyň gyzy Orazjemal Saryhanowa, agtyklary Nurmyrat, Azat, Muhammet Saryhanowlar şeýle hem kitaphana işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda görnükli ýazyjynyň, özüniň gysga ömründe «Şükür bagşy», «Kitap» ýaly ajaýyp eserleri döredenligi şeýle-de onuň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet edildi we talyp ýaşlar bilen ýazyjynyň agtyklarynyň arasynda sorag-jogap alşyldy. Söhbetdeşligiň soňunda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, döredip beren giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsunlar aýdyldy.