“Gülläp ösýär ,Arkadagly diýarym!”


“Gülläp ösýär ,Arkadagly diýarym!”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirligiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 30-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli “Gülläp ösýär, Arkadagly diýarym!” ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi halkymyzyň hormatly Prezidentimize bolan çäksiz buýsanç, hormat-sarpasyndan, nyşandygyny, bu ýylyň öz äheňi, öz heňi bilen ýurdumyzyň taryhynda altyn möhrüni goýjakdygyna, hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgesiniň has-da rowaçlanyp, ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslenjekdigi şeýle-de Türkmenistanyň dünýäde bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýandygy barada buýsanç bilen täsirli gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Ylham” bagşylar topary, hem-de 30-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary öz ajaýyp aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.
Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.