“Jan Watanym Türkmenistan”


“Jan Watanym Türkmenistan”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphananyň gurnamagynda Aşgabat şäherindäki hormatly Prezidentimiziň ýazan täze “Jan Watanym Türkmenistan” atly şygry esasynda Aşgabat şäherindäki Mehaniki tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
,,Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen belent şygar bilen gadam goýan 2022-nji ýylymyzyň ilkinji pursatlarynda Täze ýyl baýramçylygyny mähriban maşgala agzalarynyň arasynda garşylan hormatly Prezidentimiziň öz ýazan ”Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusyny okap bermegi, bu bolsa türkmen halky üçin iň ajaýyp sowgatlaryň biri boldy.
Bu çärede Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden joşup çykan goşgy setirlerinde dünýäde Watan, ene toprak, halkymyzyň watansöýüjilik, dost -doganlyk ýaly asylly häsiýetlerini, sungatyň, aýdym-sazyň göze görünmeýän inçeligini, döwürleriň we eýýamlaryň gözelligini ussatlyk bilen beýan edýändigi, şeýle-de täze şygryň owazynyň täsirliligi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar Mähriban Arkadagymyzyň “Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusyny uly buýsanç bilen okadylar.