Ýüregimizde döwrümize buýsanç bar


Ýüregimizde döwrümize buýsanç bar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýüregimizde döwrümize buýsanç bar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, ata Watanymyzyň gülläp ösýänligi, uly ösüşlere, özgerişlere beslenýändigi, ýaş nesilleri Watana wepaly, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, däp-dessurlarymyza hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek döwrüň baş wezipesi bolup durýanlygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bolsa ýaşlarymyzy täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyrýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy gymmatlyk hökmünde ynsanlaryň kalbyna çuňňur ornaşýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Milli medeniýetimizi, mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.