Bilimli nesil – röwşen geljek


Bilimli nesil – röwşen geljek



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda «Bilimli nesil – röwşen geljek» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyz täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçirilendigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de bilim ulgamynyň ösüşi jemgyýetiň ösüşiniň ilerlemeginde möhüm orun tutýandygy we bilim bermek işine okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap, innowasion ussularyny, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ýaşlaryň hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.