Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabyndan


Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabyndan



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 129-njy orta mekdepde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby esasynda gürrüň geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimizi watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, ýaşlarda şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine, milli mirasymyza sarpa goýmakda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň uly gollanma, nusgalyk mekdep bolup durýanlygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan birnäçe rowaýatlary okap berdiler. Halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň şöhratly ata – babalarymyzyň wesýeti hökmünde köpasyrlyk durmuş paýhaslaryny özünde jemleýändigi, onda geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamagyň hem ertire ýetirmegiň her birimiziň we halkymyzyň öňünde durýan borçdugy barada aýdyp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň bagtyýar geljegi üçin beýik özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.