Kitap – ruhy hazyna


Kitap – ruhy hazyna

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eserini wagyz etmek maksady bilen «Kitap – ruhy hazyna» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de birnäçe bölümlerden ybarat. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp eserinde, türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlary özünde jemleýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna aýratyn gadyr goýýan, ony bütin dünýä tanatmak ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.