Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri’ atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş söhbetdeşligi


Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri’ atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş söhbetdeşligi



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary bilen ýaňy-ýakynda Milli Liderimiziň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna hem-de türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenimiz bu gymmatly eserde öz beýanyny tapan dermanlyk ösümlikler, olaryň suratlary, biologik aýratynlyklary, dermanlyk ähmiýeti, himiki düzümi, taýýarlanyşy we ulanylyşy barada berlen anyk we takyk maglumatlar barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň gözel ýerlerinde düşürilen foto suratlaryň, dermanlyk ösümlikleriň rus-latyn-türkmen dilindäki sözlüginiň hem-de ösümlikleri ýygnamagyň senenamasynyň kitabyň baý mazmunynda beýan edilýändigini aýratyn nygtady. Kitaphananyň okyjylary hem öz gezeginde bu ajaýyp eseriň her bir jildinde görkezilen dermanlyk ösümlikleriň peýdasy barada gyzykly gürrüňler berdiler hem-de türkmen tebigatyny wasp edýän ajaýyp goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzda gurnalan “Saglygym-baş baýlygym” atly kitap sergisi çärä gatnaşan okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.