“Türkmenistan –ajaýyp çagalygyň ýurdy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Türkmenistan –ajaýyp çagalygyň ýurdy” ady bilen gürrüňdeşlik çäresini geçirdi.
Her bir güni bagtyýarlyga beslenen ata Watanymyzda eziz körpeleriň ýürek joşgunlary, aýdym-sazlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň soňlanmajak waspy bolup ýaňlanýar. Çärede çykyş edenler ýaş nesilleri üns alada bilen gurşap almagyň, olara bagtyýar ýaşaýşy peşgeş bermegiň möhüm şertleriniň biri, çagalaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanuny goraglygyny üpjün etmek bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýandygy, bu babatda çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ülkesi Türkmenistanda uly işler alnyp barylýandygy şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän eziz körpeleriň bagtyýarlygy, asudalygy üçin ata Watanymyzda döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri sanardan kändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda her ýyl uly dabaralara beslenýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli döwletimizde ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk çäreleri diňe bir körpelere ýatdan çykmajak şatlykly duýgulary peşgeş bermän, eýsem ata Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň ajaýyp geljegini hem alamatlandyrýandygyny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyna bagtyýar durmuşy bagyş edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri ýaňlandy.