«Bagtyýar zamananyň aýdym-saz sungaty» atly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ajaýyp döwrümiziň aýdym-saz sungatyna bagyşlanyp «Bagtyýar zamananyň aýdym-saz sungaty» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip, dünýä derejesine ýetirmekde alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de ussat aýdymçy-sazandalarymyzyň ýiti zehininden dörän saz eserleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitaplarynda beýan edilen türkmen aýdym-saz sungatynyň gadymylygy, aýratynlygy barada gyzykly gürrüňler edildi.