Kalplara nur, ömre ylham Pyragy


Kalplara nur, ömre ylham Pyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Kalplara nur, ömre ylham Pyragy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň gymmaty egsilmejek, baky şuglaly hazyna bolup, bu gymmatly hazynany ylmy esasda öwrenmek, ýurdumyzyň raýatlaryna, ýaş nesillere öwretmek, biz kitaphanaçylaryň borjy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umman ýaly döredijiliginiň her bir setirinde Watanyna bolan söýgüsini kalbynyň çuňlugyndan syzylyp, ony ganatlandyryp, merdana türkmen halkymyzyň kalbynda müdümilik ýaňlanyp duran owazly, labyzly goşgulary döredendigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.