Änew – taryhy medeniýetiň ojagy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Änew-taryhy medeniýetiň ojagy» ady bilen Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny eliňe almagyň täsiri has-da başgaça bolup, onda «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan, birnäçe bölümlerden ybarat bolan bu kitap müňýyllyklaryň jümmüşine syýahata alyp gidýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmen halkynyň milli mirasyny ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.