“Bahar size meňzeş eziz zenanlar” atly edebi-sazly çäresi


“Bahar size meňzeş eziz zenanlar” atly edebi-sazly çäresi



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bahar size meňzeş eziz zenanlar” atly edebi-sazly çäresini gurady. Bu çärede kitaphana hünärmenimiz hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabyndan çäksiz söýgi, gözellige ýugrulan ene dünýäsi hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde sahna oýnuny oýnadylar hem-de birnäçe şahyrlarymyzyň ene-mamalarymyza we gyz-gelinlerimize bagyşlap ýazan şygyrlaryny çeper okadylar. Şeýle-de bu çärede M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň gatnaşmagynda ene hakynda ajaýyp aýdymlar diňlenildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Zenanlar durmuşyň güli” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Edebi- sazly çäräniň dowamynda “Zenanlar Watanymyzyň buýsanjydyr” diýip, zenan mertebesini belentde tutýan Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.