«Edep – altyndan gymmat»
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda «Edep – altyndan gymmat» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ata-babalarymyzyň nesillere miras goýan edep baradaky altyndan gymmat sözleri, nakyllary, olaryň many-mazmuny barada hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza gürrüň berdiler. Şeýle-de «Paýhas çeşmesi» kitaby, kitapda bar bolan nakyllardyr, atalar sözleri esasynda özara sorag-jogap alşyldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.