“Bedewim tylla bagtym”


“Bedewim tylla bagtym”



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda bedew baýramy mynasybetli „Bedewim tylla bagtym“ ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara halypa atşynaslar, ýazyjy-şahyrlar, halypa kitaphana işgärleri gatnaşyp, “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen bedewlerine goýulýan hormat, behişti bedewlere bolan çuňňur söýgi, seýisçilik sungaty hakynda täsirli gürrüň etdiler. Şahyr zenanlarymyz bolsa türkmen bedewlerini wasp etýän ajaýyp goşgularyndan okap berdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.