“Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Garaşsyzlyk döwründe ýetilen sepgitler”


“Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Garaşsyzlyk döwründe ýetilen sepgitler”



TDMM-niň Döwlet kitaphanasynda ähli welaýat kitaphanalary hem-de B.Amanow ad. Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Garaşsyzlyk döwründe ýetilen sepgitler” ady bilen onlaýn arkaly ylmy maslahat geçirildi.
Bu maslahatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kitaphana ulgamynyň işini döwrebap kämilleşdirmekde,Garaşsyzlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän, ylmy hakykatlary özünde jemleýän kitaplaryndan ýokary netijeli guralan işler dogrusynda , okyjylara edilýän döwrebap,ýagny täze iş usularynda edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek dogrusynda kitaphanaçylaryň arasynda giňişleýin söhbetdeşlik guraldy.Kitaphanalaryň iş ugurlary boýunça aýry-aýry bölümlerinde alnyp barylýan işler,okyjylara edilýan hyzmatlar bilen tanyş edildi.Taraplar öz aralarynda sorag –jogap alyşdylar.
Ylmy maslahatyň soňunda Gahryman Arkadagymyza döredip beren giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.