“Kitap dostluk daragty”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Kitap-dostluk daragty” ady bilen gezelenç geçirildi.
Gezelençde kitaphana gelýän talyp ýaşlaryň arasynda kitaphana işgärleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmaklary ugrunda edilýän tagallalaryndan ugur alyp ýaşlaryň kitaba, kitap okamaklyga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, kitap okamak jemgyýetiň, esasan-da ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň aň-düşünjesini özgertmekdäki ornunyň juda ýokarydygyny, her bir ynsana ýagty ýol-ýörelge bolup durýandygyny, kitaby köp okaýan adamyň ukyp-başarnygynyň ýokary derejede bolýandygy barada, kitap atly mukaddesligiň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýägaraýşyny özgertmekde, öz Watanyna, ene topragyna bolan söýgüni has-da artdyrmakda uly ähmiýetiniň bardygy dogrysynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Gezelenjiň ahyrynda türkmen ýaşlaryna ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.