Işi rowaç ýurda bahar gelipdir


Işi rowaç ýurda bahar gelipdir

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Işi rowaç ýurda bahar gelipdir» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy her ýyl biziň ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun dabara bilen bellenilýänligi, Nowruz baýramy halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi ündeýän, dünýä derejesinde dost-doganlyga we parahatçylyga çagyrýan baýrama öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda döredijilik işgärleriniň okap beren goşgulary talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.