Okamaga 10 sebäp


Okamaga 10 sebäp



Häzirki döwrüň kitaplar dünýäsi diýseň baý we dürli-dürlüdir. Şeýle bolandygy üçin islendik okyjynyň islegini kanagatlandyryp biljek dürli žanrdaky, görnüşdäki kitaplary tapmak hem diýseň aňsat. Häzirki tehnologiýanyň ösen döwründe munuň üçin birnäçe wagtlap uly kitap tekjelerinden isleýän kitabyňy gözlemek zerurlygy ýok. Internet dükanlarynda islän kitabyň žanryna, awtoryna, hatda okyjynyň ýaşyna görä hem böleklere bölünip goýlan.
Biz hem şu makalamyzda kitap okamaga bolan sebäpleriň 10-syny size ýetirmegi makul bildik, mähriban okyjylar.
1. Haçan-da adam gowy kitaplary yzygiderli okanda, ol şol kitaplardaky ýaly owadan gürlemegi we söhbetdeşine pikirini doly we dowamly ýetirmegi öwrenýär.
2. Kitap hyýalyňdaky pikirleriňi janlandyrmagyňy kämilleşdirmek üçin guraldyr. Çagalykdan kitap okamagy endik etmek, adamda haýsydyr bir wakany hyýalyňda janlandyrmak ukybyny ösdürýär.
3. Okamak — bu durmuşyňda ýüze çykýan meselelerden ünsüňi sowmagyň usulydyr. Adam kitapdaky wakalaryň jümmüşine siňip, hakyky durmuşyndaky ýagdaýlary wagtlaýynça ýadyndan çykarýar. Şeýlelikde, adamyň beýnisi dynç alyp, indiki üstünliklere täzeden çemeleşmegi başarýar.
4. Kitap okamak söz baýlygyňy artdyrýar. Çeper söze baý adam bolsa jemgyýetde iň gerekli we peýdaly adamlaryň biri hasaplanylýar.
5. Alymlaryň barlaglarynyň netijelerine görä, yzygiderli kitap okamak beýniniň işjeňligini artdyrýar.
6. Hatda çeper edebiýatda hem adamyň işinde üstünlik gazanyp, ýokary derejelere ýetmegine ýardam edýän zatlar kän. Belli bir ugurdan ussat hünärmen bolmak, elbetde, gowy zat, ýöne giň dünýägaraýyşly, ählitaraplaýyn hünärmen islendik wagt, islendik ýerde öz gymmatyny gaçyrmaýar.
7. Sowatly ýazmak isleýärsiňizmi? Köpräk okaň! Kitaby ünsli okamak adama grammatik we orfografik taýdan dogry ýazmaga ýardam edýär.
8. Adam kitap okanda, gözüni yzygiderli iki tarapa gymyldadyp, görüş nerwlerini işjeň hereketlendirýär. Bu bolsa gözüň myşsalarynyň kadaly işlemegine ýardam edýär. Elbetde, bu ýerde kitaby dogry ýagtylykda okamak zerurdyr.
9. Biz okaýarkak, köplenç, kitapdaky gahrymanlaryň keşplerini özümizde göz öňüne getirip görýäris. Şeýle etmek bilen adam şol gahrymanlara meňzäp, olaryň hereketlerini öz durmuşynda hem ulanmak isleýär. Bu bolsa jemgyýetde kitaplardaky ýaly ajaýyp, dana adamlaryň has-da köpelmegine getirýär.
10. Galyberse-de, okamak — bu ullakan lezzet. Köpräk okaň, mähriban okyjylar!

Sähra JUMAÝEWA