Döwrebap bibliografik görkezijiler


Döwrebap bibliografik görkezijiler



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmen Döwlet Medeniýet instituty bilen bilelikde «Döwrebap bibliografik görkezijiler» atly wideoaragatnaşyk arkaly online önümçilik-tejribe söhbetdeşligini geçirdi. Döwlet kitaphanasynda geçirilen önümçilik-tejribe söhbetdeşligiň dowamynda şu ugurdan talyp ýaşlar bilen halypa hünärmenimiziň arasynda sorag-jogap alşyldy, halypa hünärmenimiz özleriniň alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Bu söhbetdeşlik talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Önümçilik-tejribe söhbetdeşliginiň soňunda Hormatly Prezidentimize taýsyz tagallalary, döredip beren giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsunlar aýdyldy.