“Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – nesillere nesihat”


“Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – nesillere nesihat”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – nesillere nesihat” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ömrümizi bahar-ýaza, aýdym-saza besleýän, beýik işler buýsanjymyza buýsanç goşýandygy hem-de halkymyzy ajaýyp kitaplary bilen begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly eserleri, ertirki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bilimini artdyrmakda, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda, zähmetsöýerlik, Watana, halka wepalylyk, geçmişimize, şu günümize buýsanç ruhunda terbiýelemekde, olarda asylly ahlak sypatlaryny kemala getirmekde we ussat hünärmenler edip ýetişdirmekde örän uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem, söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitaby hem halkymyz üçin gymmatly sowgat bolandygy, hem-de bu kitabyň bölümleri barada giňişleýin durup geçmek bilen kitapda ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar, halkymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklary baradaky maglumatlary, öwüt ündewleri özünde jemleýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle gymmatly ylmy çeşmeleri bilen begendirip durýan Gahryman Arkadagymyza, halkyny bagtyýar zamanada ýaşadýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.