“Magtymguly, sözlär tili Türkmeniň”


“Magtymguly, sözlär tili Türkmeniň”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda “Magtymguly, sözlär tili Türkmeniň ” ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň çuňňur many - mazmuna eýlenen, watansöýüjilige, päk ahlaklylyga çagyrýan goşgy setirleriniň külli ynsanyýetiň ýüreginde ýaşaýandygy, Akyldar şahyryň ynsaply, päk ahlakly bolmak, adamlara ýagşylyk etmek baradaky goşgulary, ylaýta-da, ýaşlar üçin uly terbiýe mekdep bolup durýanlygy, türkmen halkynyň milli şahyry bolman, bütin adamzadyň şahyrydygy, şonuň üçinem onuň dürdäne goşgulary dünýäniň ýüzünde aýlanýandygy, bagşylaryň şahyryň goşgularyna aýdymlary ýerine ýetirmegi bolsa halkymyzyň has-da göwün – guşuny ganatlandyrýandygy, ruhlandyrýandygy, şonuň üçin hem paýhas äleminiň bakylyk çyragy bolan Magtymguly Pyragynyň durmuşyň ebedi kanunyna öwrülen goşgulary halk arasynda müdimi ýaşaýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Şeýle-de çäräniň dowamynda kitap sergisi we 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylarynyň surat sergisi gurnaldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.