“Zeminiň görki siz, eziz eneler”


“Zeminiň görki siz, eziz eneler”



Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň görki siz, eziz eneler” ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ählimiziň bilşimiz ýaly her ýyl ýurdumyzda Halkara zenanlar güni uly dabara bilen bellenip geçirilýär. Ülkämize tebigatyň ähli gözelliklerini paýlaýan bahar pasly hem ýetip geldi. Bu pasylda ýaz ýaly ýakymly mähriban enelerimiziň, bahar ýaly owadan gelin-gyzlarymyzyň baýramy dabaraly bellenilýär.

Çärede çykyş edenler “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda enelere goýulýan hormat-sarpa has-da artýandygy, galkynyşly döwrümizde zenanlara döredilýän mümkiçilikler, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Enä tagzym mudaddeslige tagzym” atly kitabynda ene mukaddesligi, keramaty, mähremligi, wepalylygy hakynda berilýän ylmy çeşmeler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň belli zenan aýdymçylarynyň ýerine ýetiren kümüş saçly enelerimizi, bahara meňzeş zenanlary, gülden näzik gyzlary we bagtyýar diýarymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazlary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda enelerimiziň, gelin–gyzlarymyzyň sarpasyny belende göterip, olara uly hormat goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, alkyş sözlerini aýtdylar.