“Akyldar şahyr-beýik söz ussady”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Akyldar şahyr - beýik söz ussady” ady bilen göçme sergi, gurnaldy we döredijilik - duşuşygy geçirildi.
Çärede Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň genji –hazynasy bolup, şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary ýaş nesle bilim terbiýe bermekde umumadamzat gymmatlyklaryny olaryň aňyna ornaşdyrmakda iňňän uly ähmiýete eýedigini, şeýle-de onuň giň we çuňňur many-mazmuna baý şygyrlarynda türkmeniň asylly ýörelgelerini, millilik, agzybirlik, dost-doganlyk, watançylyk ýaly setirlerinde ussatlyk bilen beýan edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan kitap sergisi, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň eserlerinden birnäçe goşgulary okaldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi, edebi döredijiligimizi giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Mlilli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.