“Güllere beslenýär gözel Aşgabat”


“Güllere beslenýär gözel Aşgabat”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Güllere beslenýär gözel Aşgabat” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel ýurdumyzyň ak şäheri Aşgabat türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde düýpli özgerişliklere eýe bolup, dünýä nusgalyk şäherleriň hataryna girdi. Paýtagtymyzyň çar ýanyny bagy-bossana beslenen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän mermer binalar, ýaşaýyş jaýlary, ak mekdepler, çagalar baglary, edara-kärhanalar we birnäçe möhüm ähmiýetli desgalar bezäp, ak şäherimiziň görküne görk goşýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işlerinde täze-täze üstünlikleri arzuw etdiler.