“Türkmen milli oýunlary”
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Türkmen milli oýunlary” atly söhbetdeşlikli bäsleşigini geçirdi.
Söhbetdeşligiň başynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji çagalarymyza milli oýunlaryň çaga terbiýesiniň milli mekdebiniň baý tejribelerini, usul-tärlerini özünde jemläp gelýän genji baýlygymyzdygy barada gürrüň berdiler we halk oýunlarynyň birnäçesini sanap berdiler.
Gökderedäki “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalar “Aýterek-Günterek” hem-de “Gizlenpeçek” ýaly oýunlary oýnap özara bäsleşdiler we wagtlaryny gyzykly we ýatda galyjy geçirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy .
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda bize şeýle gymmatlyklary döredip beren Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.