“Arkadagyň kitaplary-nesilleriň görelde mekdebi” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.


“Arkadagyň kitaplary-nesilleriň görelde mekdebi” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň kiçi synp okuwçylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly eserini körpeje okyjylaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Arkadagyň kitaplary-nesilleriň görelde mekdebi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda eserde beýan edilýän Arkadagymyzyň maşgalasynda alan asylly terbiýesi hakyndaky ýatlamalary barada täsirli gürrüňler edildi. Şol ýatlamalaryň körpeje, bilesigeliji okyjylarymyza ruhy-ahlak terbiýesini bermekdäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.