Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, şany dünýä dolýar Magtymgulynyň


Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, şany dünýä dolýar Magtymgulynyň

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Sergi binasynda «Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, şany dünýä dolýar Magtymgulynyň» atly maslahat geçirildi. Çagalar kitaphanamyzyň agzybir hünärmenleri hem Sergi binasynda öz ýaşajyk okyjylary üçin kitap sergisini gurnady.

Şeýle-de çagalaryň söýgüli artisti Aşyr däde bilen geçirilen söhbetdeşlikde körpeje çagajyklar ajaýyp döwrümizi, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda geçirilen bu maslahatdan soňra, biziň ýaş okyjylarymyz Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygyny geçirdiler we özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen Gahryman şahyr Gözel Şagulyýewa bilen söhbetdeş boldular. Aýratyn tapawutlanan çagalara kitaphanamyz tarapyndan kitap sowgatlary gowşuryldy.

Sergä gatnaşan bagtyýar çagalar, ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.