“Ýol hereketiň düzgünleri”
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz körpeje okyjylary bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji sungat mekdebinde “Ýol hereketiniň düzgünleri” atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenimiz çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek biziň janymyzyň goraglylygyny üpjün edýänligi barada gürrüň berdi. Mundan başga-da kitaphanaçy ösüp gelýän ýaş nesle ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny gündelik ýatladyp durmak ene-atalaryň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň, galyberse-de, biziň hemmämiziň borjumyzdyr diýip aýdyp berdi. Şeýle-de çagalar hem öz gezeginde ýol hereketine degişli “ Mähriban çagalar we pyýada ýolagçylar! Ýol hereketiniň kadalaryny hemişe berk berjaý ediň! Ýol belgileriniň talaplaryna ünsli boluň! Bu siziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň howpsuzlygy üçin iňňän wajypdyr!” diýen ýüzlenmelerini aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň ýollarynda asudalygy goramakda döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.