Geçmişiň ýaňy bolup gelen kitap


Geçmişiň ýaňy bolup gelen kitap

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Geçmişiň ýaňy bolup gelen kitap» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň müňýyllyklaryň içinden eriş-argaç bolup gelýän şöhratly taryhymyzyň öwüşgünli beýanyny özünde jemleýän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmegi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen halkyny has-da buýsandyrýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy we bu kitabyň many-mazmunynyň maglumatlara baýlygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigini, gadymy Änew topragynyň taryhy däl, eýsem şu günki ýeten belent sepgitlerini giňişleýin açyp görkezýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, baý taryhymyzy öwrenmäge, dünýä äşgär etmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.