Watanym ajap sen, gözel geljegiň Arkadagly Serdar bilen


Watanym ajap sen, gözel geljegiň Arkadagly Serdar bilen

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Watanym ajap sen, gözel geljegiň Arkadagly Serdar bilen» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ähli ugurlarda alnyp barylýan ajaýyp işler, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň, edebiýatymyzyň ösüşleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler hem-de özleriniň täze ýazan goşgularyny okadylar.

Şeýle hem, duşuşygyň ahyrynda, dünýä ýüzüne dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen belli bolan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.