Ýylyň zenany


Ýylyň zenany

Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlara goýulýan sarpa, ata-baba ýol-ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy gymmatlyklarymyzdan ugur alyp ýurdumyzyň bagtyýar zenanlarynyň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen, Watanmyzyň, halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän zenanlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri Maýa Akmämmedowa işjeň gatnaşyp döwlet sylagyna mynasyp boldy.