Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly şygryny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlik


Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly şygryny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz hemişelik okyjylary bilen hormatly Prezidentimiziň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli halkymyza sowgat eden ýiti galamyndan, ýürek ylhamyndan, pähim-paýhasyndan dörän “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusynyň many-mazmunyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ylham ummanyndan syzylyp çykan bu ajaýyp goşgusynda ündelýän parahatçylyk, abadançylyk, dost-doganlyk hem-de agzybirlik şygaryny bütin ýer ýüzüne ýaýmak baradaky gymmatly setirleri aýratyn nygtaldy. Şeýle-de täze şygryň owazynyň täsirliligi, mazmun taýdan ýitiligi, özboluşlylygy, düýplüligi, dünýäni, ynsan kowumyny parahatçylyga, rahatlyga çagyrýanlygy barada buýsançly gürrüňler edildi.
Kitaphanamyzyň höwesjeň okyjylarydyr, kitap söýüji ýaşlar hem hormatly Prezidentimiziň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusyny höwes bilen, uly buýsanç bilen labyzly aýdyp berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň halklaryň bir jebis maşgala bolmagy, bütin dünýäde parahat, abadan günleriň höküm sürmegi, ýaraglaryň sem bolup, derdi-belalaryň, kynçylyklaryň ýol almaýan, birek-biregi sylap, ýamanlykdan ýüz öwrülýän parahat durmuş baradaky goşguda beýan edýän arzuwlary bilesigeliji ýaşlarymyzda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti bolup, ylhamynyň mundan beýläk-de joşguna beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.