“Küştdepdi – ruhubelentlik sungaty” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde “Küştdepdi – ruhubelentlik sungaty” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda halk döredijiliginiň hereketli we sözli görnüşi bolan “Küştdepdi” tansynyň gelip çykyşy, ýerine ýetirilişi, hereketleriniň aýratynlygy, gazallarynyň aňladýan manylary barada täsirli gürrüňler edildi. Höwesjeň ýaşlar hem ÝUNESKO-nyň adamzadyň bütindünýä maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Küştdepdi” tansyny uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan neşir önümleriniň göçme sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny ýokary derejelere ýetirmek, dünýä ýaýmak şeýle-de Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek babatda uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.